Telegram arkaly FatalRAT troýany ýaýraýar
Nyşana alnan enjama uzaklykdan girmek mümkinçiligini berýän troýan Telegram arkaly ýaýraýar. AT&T Alien Labs gözlegçileriniň sözlerine görä, ulanyjylar programma üpjünçilige degişli habarlar kanallarynda zyýanly programma üpjünçiligi ýükleýän salgylanmasyna duşup bilýärler.
Bilermenleriň hasabatyna görä, FatalRAT atly zyýanly programma üpjünçiligi ulanyjynyň enjamynda uzaklykdan işletmek, howpsuzlyk serişdelerden aýlanyp geçmek mümkinçilikleri berýär. FatalRAT troýany ulgama girip, klawiaturaň üsti bilen girizilýän maglumaty we operasion ulgamy baradaky maglumaty ýygnaýar, soňra şifrlenen ýollar arkaly ähli maglumatlary operatorlara iberýär. Şeýle hem, FatalRAT nyşana alnan ulgamda haýsy antiwirus programmalarynyň işleýändigini bilmäge synanyşýar, şol bir wagtyň özünde brauzerleriň maglumatlaryny jemleýär. Mundan başga-da, troýan brutfors (gabat gelmegi mümkin bolan açar sözlerini gezekli gezegine barlap görmek usuly) ulanyp, pidanyň torunda ýaýrap bilýär.
Çeşme: anti-malware.ru
05 Awgust 2021