Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Android ulgamynyň howply gowşaklyklaryny aýyrdy

Google kompaniýasy Android üçin täzelenmeleri çykaryp, bu täzelenmeler bilen 30-dan gowrak howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrdy. Android howpsuzlyk maslahaty 33 sany gowşaklyklary barada giňişleýin maglumat berýär, bu gowşaklyklaryň birnäçesi hukuklary artdyrmak ýa-da maglumatlary aýan etmek mümkinçilikleri berýärler.

Gowşaklyklaryň içinde iň howplusy Media framework düzüm böleginiň ýalňyşlygy bolup, bu gowşaklyk Android 8.1 we 9 enjamlarynda hukuklary artdyrmak hem Android 10 we 11 enjamlarynda maglumatlary aýan etmek mümkinçilikleri berip bilýär. Bu mesele üçin CVE-2021-0519 identifikatory berildi.

Şeýle hem, 2021-08-01 belgili howpsuzlyk düzedişler toplumy Framework düzüm böleginiň üç sany ýokary derejede howply hukuklary artdyrmak gowşaklyklary hem-de System düzüm böleginiň iki sany hukuklary artdyrmak we üç sany maglumatlary aýan etmek ýalňyşlyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şu aýyň howpsuzlyk täzelenmeleriniň ikinji bölegi - 2021-08-05 - Kernel, MediaTek, Widevine DRM, Qualcomm ulgam düzüm böleklerine täsir edýän jemi 24 sany gowşaklyklary düzetdi.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlarynda üç sany orta derejede howply ýalňyşlyklary düzetdi. Bu ýalňyşlyklara Pixel düzüm böleginiň hukuklary artdyrmak gowşaklygy we Qualcomm düzüm böleginiň iki sany gowşaklyklary girýärler.

Çeşme: securityweek.com

04 Awgust 2021

-
104