Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Brave brauzeri ýaly görünýän zyýanly programma üpjünçiligi ýaýraýardy

Google hünärmenleri ulanyjylary Brave brauzeriň galp saýtyna gönükdirýän mahabatlaryň kömegi bilen amala aşyrylýan zyýanly işleri bes etmegi başardylar. Bu galp saýtda brauzer ýaly görünýän ArechClient (SectopRAT) troýany saklanýardy. Ýaramaz niýetli ulanyjylar galp saýta trafigi gönükdirmek üçin brauzer bilen baglanyşykly gözleg amala aşyrylanda galp saýty görkezýän mahabaty Google-dan satyn aldylar.

Gözlegçiler ulanyjylary zyýanly sahypa gönükdirýän mahabaty ýüze çykarandyklary barada habar berýärler. Bu çeşme bravė.com salgysy boýunça ýerleşip, «Brave» sözünde adaty latyn «e» harpyň ýerine Litwa diliniň «ė» harpy ýazylan.

Täze brauzerde zyýanly bravė.com domeni xn--brav-epa.com domene öwrülýär, emma ulanyjylar domeniň çalşylandygyny bilmän, salgy setirine üns bermän bilýärler.

Galp saýt resmi Brave saýty ýaly görünýärdi, emma bu saýtda ulanyjylara Brave gurnaýjysyny saklaýan 303 Mb agramly ISO faýly ýükläp almagy hödürlenýär. Bu faýlda brauzer bilen bilelikde ArechClient (SectopRAT) zyýanly programma üpjünçiligi ýaýraýardy, bu zyýanly programmanyň esasy maksady bolsa brauzerlerden maglumatlary ogurlamakdan ybaratdyr.

Şeýle hem, bu zyýanly işler ýüze çykarylmagyndan soňra Signal we Telegram (sīgnal.com, teleģram.com) ýaly resmi çeşmeler hökmünde görünýän beýleki galp saýtlar ýapyldy.

Çeşme: xakep.ru

04 Awgust 2021

-
85