Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google köne Android-enjamlarynda sentýabr aýyndan başlap akkauntlara girmek mümkinçiligi petiklär

Google kompaniýasy Android operasion ulgamynyň ulanyjylaryna elektron hatlary iberip, operasion ulgamyň köne wersiýalary bilen işleýän enjamlaryň goldawy gutarjakdygy barada habar berdi. Şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Android 2.3.7 (Gingerbread) we has irki wersiýalary bilen işleýän enjamlar Google hasap ýazgylaryna girip bilmezler. Şunuň ýaly, ulanyjylar hasap ýazgylaryna girmek üçin synanyşanlarynda, ýalňyşlyk baradaky habary görerler. Mundan başga-da, köne enjamlary ulanýan ulanyjylar täze hasap ýazgylary döretmek, enjamda zawod sazlamalaryny gaýtarmak we açar sözleri üýtgetmek mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmezler.

Döredijiler ulanyjylara ykjam enjamlary täzeläp, Android 3.0 ýa-da soňky çykan wersiýalary gurnamagy maslahat berýärler.

Çeşme: anti-malware.ru

02 Awgust 2021

-
88