Google Android programmalary üçin niýetlenen täze howpsuzlyk syýasaty barada beýan etdi
Google kompaniýasy ulanyjylaryň gizlinligini we howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen Google Play syýasatynyň täzelenmesi barada habar berdi.
Google howpsuzlyga degişli geljekki syýasatlar barada giňişleýin maglumat berip, bu syýasaty 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Google Play dükanyna goşmagy meýilleşdirýär. Indiki ýylyň aprel aýyna çenli Google Play programmalarynyň döredijileriň hemmesi gizlinligi we howpsuzlygy üpjün etmek usullary barada giňişleýin maglumat bermeli.
Programma döredijileri täze howpsuzlyk bölüminde öz programmalaryna girizilen howpsuzlyk tejribeleri (mysal üçin, maglumatlary şifrlemek barada), şeýle hem programmanyň Google Play syýasatlaryna laýyk gelmegi we halkara howpsuzlyk ülňülere laýyk gelmegine garaşsyz barlag edilendigi barada maglumat berip bilýärler.
Ulanyjylar programmanyň haýsy maglumatlary ýygnaýandygy we iberýändigi, bu maglumatlaryň nähili ulanylýandygy, şeýle hem maglumat ýygnamak amallaryndan ret etmek mümkinçiligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin Google Play dükanyň islendik programmasyndan bu bölüme girip, öwrenip bilerler.
Ähli programma döredijileri programmanyň şahsy/gizlin maglumatlary ýygnamagyna garamazdan, gizlinlik syýasatlary bilen üpjün etmeli. Döredijiler howpsuzlyk bölüminde takyk we doly maglumaty, şol sanda keseki kitaphanalar ýa-da SDK toplumy tarapyndan ulanylýan maglumatlary bilen üpjün etmeli.
Döredijiler 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda barlag üçin zerur maglumatlary Google Play Console iberip bilerler we 2022-nji ýylyň başynda Google Play-da howpsuzlyk bölümi peýda bolar. Umuman, döredijiler 2022-nji ýylyň aprel aýyna çenli programmalarynda bu bölüminiň goldanmagyny üpjün etmeli, bolmadyk ýagdaýda Google Play-da täze programmalaryň we täzelenmeleriň çykarylmagy boýunça ýüzlenmeler kabul edilmez.
Çeşme: securitylab.ru
02 Awgust 2021