Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Apple 0-day gowşaklygy düzetdi

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlaryna täsir edýän 0-day gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Gowşaklyk üçin CVE-2021-30807 identifikatory berildi, gowşaklyk IOMobileFramebuffer ýadronyň giňeltmesinde bolup, ýada zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly bolup durýar.

Apple kompaniýasy programmalara ýadronyň hukuklary bilen erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän ýalňyşlygy iOS 14.7.1, iPadOS 14.7.1 we macOS Big Sur 11.5.1 wersiýalarynda düzetdi.

Bu gowşaklyk Mac, iPhone 6s we soňky çykan wersiýalaryna, iPad Pro, iPad Air 2 we soňky çykan wersiýalaryna, iPad 5-nji nesil we soňky çykan wersiýalaryna, iPad mini 4 we soňky çykan wersiýalaryna, iPod touch (7-nji nesil) enjamlara täsir edýär.

Çeşme: bleepingcomputer.com

27 Iýul 2021

-
94