Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy howply wirus-maýner barada habar berdi

Microsoft kompaniýanyň sanly howpsuzlyk boýunça bilermenleri ulanyjylaryna LemonDuck wirusy ýaýraýandygy barada habar berdiler. Hünärmenleriň sözlerine görä, wirus kompýutere girenden, Monero kriptowalýutasyny gazanmak üçin botnet toruny döredýär.

Wirus kompýuterlere fişing hatlaryň, USB göterijileriň we howpsuzlyk gowşaklyklaryň üsti bilen girýär. Microsoft-yň habaryna görä, bu wirus köplenç Windows we Linux operasion ulgamlary bilen işleýän enjamlaryň eýelerine zyýan ýetirýär.

«Adatça, LemonDuck wirusy Outlook elektron poçta gutusy arkaly kompýutere girip, enjamdaky ähli hasap ýazgylary barada maglumatlary ogurlaýan skripti işletmäge synanyşýar» - diýip kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Çeşme: securitylab.ru

26 Iýul 2021

-
97