Windows 11 gurnaýjysy hökmünde zyýanly programma üpjünçiligi ýaýraýar
Windows 11 operasion ulgamy häzirki wagtda resmi görnüşde çykmadygyna garamazdan, bu operasion ulgamy ýükläp almak we onuň bilen öňünden tanyşmak mümkin. Ýaramaz niýetli ulanyjylar bu ýagdaýdan peýdalanyp, täze operasion ulgamy ýaly görünýän zyýanly programma üpjünçiligini ulanyjylara ibermäge synanyşýarlar.
Bu howply wirus «Kasperskiý laboratoriýasynyň» hünärmenleri tarapyndan 86307_windows 11 build 21996,1×64 + activator.exe atly faýlda ýüze çykaryldy.
Faýlyň agramy 1,75 GB ybarat bolup, ol operasion ulgamy gurnamak üçin niýetlenen faýl hökmünde görünýär, emma faýl açylanda, wirus gurnalýar, soňra kompýuterde mahabat görkezýän programmalary we hatda artykmaç programmalar peýda bolýar.
«Kasperskiý laboratoriýasynyň» hünärmenleri Windows 11 ulgamy resmi web-saýtdan ýükläp almagy we bu ýagdaýda hem täze operasion ulgamy esasy kompýutere gurnamazlygy maslahat berdiler, sebäbi täze önüm entek doly sazlanmadyk we köp kiçi ulgamlary durnuksyz işläp bilerler.
Çeşme: securitylab.ru
26 Iýul 2021