Citrix howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Citrix kompaniýasy Citrix ADC (Application Delivery Controller), Citrix Gateway we Citrix SD-WAN WANOP önümleriniň gowşaklyklaryny (CVE-2021-22919, CVE-2021-22920, CVE-2021-22927) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ulanyjylara Citrix howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - citrix.com.
23 Iýul 2021