Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Siemens we Schneider Electric önümlerine täsir edýän 100 sany gowşaklyklary aýyrdylar

Siemens we Schneider Electric önümlerine täsir edýän takmynan 100 sany gowşaklyklary barada beýan edýän howpsuzlyk maslahatlary çykardylar.

Siemens tarapyndan 2021-nji ýylyň iýul aýynyň sişenbe düzedişleri güni üçin taýýarlanan 18 sany täze howpsuzlyk maslahatlary önümlerine täsir edýän takmynan 80 sany gowşaklyklary öz içine alýar.

JT2Go we Teamcenter Visualization önümleri üçin çykarylan howpsuzlyk maslahaty iň köp gowşaklyklary, ýagny 40-dan gowrak faýllary derňemek bilen baglanyşykly meseleleri barada beýan edýär. Ýaramaz niýetli ulanyjy pidany ýörite döredilen faýly açmaga ynandyryp bilen ýagdaýynda, programmanyň işini togtadyp biler ýa-da ulgamda erkin kod ýerine ýetirip biler.

Köp sanly gowşaklyklary öz içine alýan ýene-de bir howpsuzlyk maslahaty Siemens SCALANCE simsiz enjamlaryna tasir edýän 12 sany FragAttacks gowşaklyklary üçin çykaryldy.

Kompaniýa RUGGEDCOM ROS, SINAMICS PERFECT HARMONY GH180, SINUMERIK, SIMATIC, Solid Edge, SINUMERIK Integrate önümlerinde we Profinet DCP protokoly ulanýan enjamlarynda ýokary derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri, şeýle hem wagtlaýyn çözgütleri çykardy.

Schneider Electric kompaniýasy EcoStruxure, SCADAPack, Modicon, Easergy, C-Bus Toolkit we EVlink önümlerine täsir edýän 25 sany gowşaklyklary öz içine alýan alty sany howpsuzlyk maslahatlary çykardy.

Bu gowşaklyklaryň birini Modicon programmirlenýän logiki kontrolýorlaryna (PLC) täsir edýän IoT-enjamlaryň howpsuzlygy boýunça iş alyp barýan Armis kompaniýasy ýüze çykaryp, giňişleýin beýan etdi we bu gowşaklygy kontrolýorlary ele geçirmek üçin ulanyp bolýandygy barada duýdurdy.

Çeşme: securityweek.com

16 Iýul 2021

-
136