Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2021-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde jemi 117 sany gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 13 sany gowşaklyga örän howply diýip baha berildi.
117 sany gowşaklyklaryň arasyndan 44 sany gowşaklyk uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 32 – hukuklary artdyrmak, 14 - maglumatlary aýan etmek, 12 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, 8 - howpsuzlyk funksiýalary aýlanyp geçmek we 7 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» dokuz sany 0-day gowşaklyklary, şol sanda işjeň ulanylýan dört sany gowşaklyk üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
CVE-2021-34492 – Windows-da sertifikaty çalşyrmak gowşaklygy
CVE-2021-34523 - Microsoft Exchange Server-de hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-34473 – Microsoft Exchange Server-de uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy
CVE-2021-33779 – Windows ADFS düzüm böleginde howpsuzlyk funksiýalary aýlanyp geçmek gowşaklygy
CVE-2021-33781 – Active Directory hyzmatynyň howpsuzlyk funksiýalary aýlanyp geçmek gowşaklygy
CVE-2021-34527 - Windows Print Spooler, ýagny çap etmek hyzmatynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy
CVE-2021-33771 - Windows ýadrosynda hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-34448 – skript hereketlendirijisinde ýada zyýan ýetirmek gowşaklygy
CVE-2021-31979 - Windows ýadrosynda hukuklary artdyrmak gowşaklygy
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
14 Iýul 2021