Microsoft kompaniýasy PowerShell 7 guralynyň örän howply RCE-gowşaklygy barada habar berdi
Microsoft kompaniýasy PowerShell 7-de uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy barada habar berdi. Mesele .NET 5 и .NET Core platformasynda teksti nädogry kodlaşdyrmagy bilen baglanyşykly bolup durýar.
Gowşaklyk üçin CVE-2021-26701 identifikatory berlip, ulgamlary goramak üçin müşderilere PowerShell 7.0.6 we 7.1.3 wersiýalaryny gysga wagtda gurnamak maslahat berilýär.
System.Text.Encodings.Web paketiň gowşak wersiýalaryny ulanýan islendik programma goragsyz galýar. Neşir edilen maglumata görä, gowşak wersiýalar - 4.0.0-dan 4.5.0 çenli, 4.6.0-dan 4.7.1 çenli, şeýle hem 5.0.0.
Çeşme: anti-malware.ru
06 Iýul 2021