Netgear routerleriň gowşaklyklary edaralaryň torlaryny döwmek mümkinçiligini berýärler
Microsoft 365 Defender topary Netgear routerleriň käbir modelleriniň programma üpjünçiliginde üç sany howply gowşaklyklary ýüze çykardy. Gowşaklyklar DGN2200v1 tapgyrly routerlerde programma üpjünçiliginiň 1.0.0.60 wersiýasyndan öň çykan wersiýalary gurnalan ýagdaýynda täsir edýärler.
Gowşaklyklaryň ulanylmagy awtorizasiýa bolmadyk ýaramaz niýetli ulanyjylar üçin autentifikasiýa barlagyny aýlanyp geçip, routeriň dolandyryş sahypalaryna girmek, enjamy dolandyrmak we routerde saklanýan hasap ýazgylary ogurlamak mümkinçilikleri berýär. Meseleler üçin CVSS görkezijisi boýunça 7.1-den 9,4 çenli derejeler berildi. Döredijiler häzirki wagtda degişli düzedişleri çykardylar.
Çeşme: securitylab.ru
01 Iýul 2021