Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft Edge gowşaklygy islendik kody ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär

Microsoft kompaniýanyň hünärmenleri iki sany meseläni düzedýän Microsoft Edge brauzeri üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Gowşaklyklardan biriniň ulanylmagy erkin kody goşmak we islendik web-saýtyň çäginde ony ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýärdi.

Bu mesele (CVE-2021-34506) umumy saýtara skripting (UXSS) gowşaklygy bolup, Microsoft Translator programmanyň üsti bilen brauzeriň girizilen funksiýasyny ulanmak arkaly web-sahypalary awtomatiki görnüşde terjime etmek bilen baglanyşyklydyr.

«Adaty XSS hadysalardan tapawutlylykda, UXSS brauzer programmanyň ýa-da brauzer giňeltmeleriniň gowşaklyklary XSS ýagdaýyny döretmek we zyýanly kody ýerine ýetirmek üçin ulanylýarlar» - diýip CyberXplore bilermenleri düşündirdiler.

Terjime funksiýasy gowşak koduň bölegini saklaýanlygy sebäpli, girizilýän maglumatlar arassalanmaýar, bu bolsa web-sahypanyň islendik ýerine zyýanly JavaScript-kody girizmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy sahypany başga dile terjime etmegi teklip edýän habara basan ýagdaýynda kod ýerine ýetiriler.

Hünärmenler bu meseläni Microsoft-a habar berenlerinden soňra, kompaniýa brauzeriň 91.0.864.59 wersiýasynda gowşaklygy düzetdi.

Çeşme: securitylab.ru

30 Iýun 2021

-
101