Mercedes-Benz 1,6 million müşderileriniň maglumatlarynyň syzmagy barada habar berdi
Mercedes-Benz kompaniýanyň ABŞ-da ýerleşýän bölümi käbir müşderileriniň maglumatlarynyň syzmagy barada habar berdi. Bu hadysa müşderileriň atlaryny, salgylaryny, elektron poçtalaryny, telefon belgilerini we satyn alnan ulaglar barada käbir maglumatlary öz içine alýan 1,6 million ýazgylara täsir etdi.
Maglumatlara görä, bu hadysa 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 11-ne maglumatlar bulutda goragsyz saklanandyklary sebäpli ýüze çykdy. Kompaniýanyň habaryna görä, aýan bolan maglumatlar 2014-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-dan 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 19-na çenli Mercedes-Benz kompaniýanyň saýtlarynda gizlin maglumatlaryny girizen käbir müşderilere we awtoulag satyn almaga niýetlenen adamlara degişli bolup durýarlar.
Bolup geçen hadysanyň derňewi henizem dowam edýär, emma häzirki wagtda mälim bolşuna görä, aýan bolan maglumatlaryň arasynda aşakda görkezilen möhüm maglumatlar girýär:
müşderileriň kredit töläp bilmek ukyby baradaky bahalary;
sürüjilik şahadatnamasynyň belgileri;
sosial ätiýaçlandyryş belgileri;
bank kartlarynyň belgileri;
müşderileriň doglan günleri.
Kompaniýanyň belläp geçmegine görä, bu maglumatlar gözleg ulgamlaryna goşulmady we gözleg arkaly tapyp bolmaýar: «Maglumatlary görmek üçin ýörite programmalary we gurallary bilmeli. Internet gözlegi bu faýllarda saklanýan maglumatlary ýüze çykarmaýar».
Mercedes-Benz kompaniýanyň habaryna görä, maglumatlaryň syzmagy jemi 1,6 million ýazgylara täsir etmegine garamazdan, ýokarda agzalan bulutda diňe 1000 golaý müşderileriniň özleri barada ýazan "goşmaça" şahsy maglumatlary saklanýardy.
Häzirki wagtda maglumatlary aýan bolan müşderileriň ählisine bu hadysa barada habar berilýär.
Çeşme: xakep.ru
29 Iýun 2021