USB arkaly ýaýraýan zyýanly programma üpjünçiligi senagat kärhanalaryna howp salýar
USB-göterijileriň we beýleki daşarky göterijileriň kömegi bilen ýaýraýan zyýanly programma üpjünçiliginiň sany 2021-nji ýylda iki esse artdy. Elektron dolandyryş we awtomatizasiýa ulgamlarynyň öndürijisi Honeywell hünärmenleriniň habaryna görä, bu görnüşli kiberhowplaryň 79% işleýän tehnologiki ulgamlaryň işini bozmak üçin ulanylyp bilner.
Bilermenleriň hasabaty soňky 12 aýyň dowamynda ýüzlerçe senagat kärhanalaryndan jemlenen kiberhowpsuzlyk howplary baradaky maglumatlaryna esaslanýar. Hünärmenleriň sözlerine görä, daşarky göterijileri edaralara ýörite zyýan ýetirmek, şol sanda töleg talap etmek üçin ransomware programmany gurnamak üçin ulanylandyklary barada maglumatlar bar.
Senagat ulgamlarynyň köpüsi tordan aýrylandygy sebäpli, USB-göterijileri ýaly daşarky enjamlar hakerlere gowşak ulgamlara girmek mümkinçiligini berip bilýärler. Mysal üçin, geçen ýyl önümçilik edarlarda USB-enjamlaryň ulanylmagy 30% artdy we daşarky göterijilere baglylygyň artýandygyny görkezdi.
Honeywell maglumatlaryna görä, dünýä boýunça 20-den gowrak senagat kärhanalary USB-göterijilerde zyýanly faýllary ýüze çykardylar.
Zyýanly programma üpjünçiliginiň 51% kärhanalaryň zäherlenen ulgamlaryna uzaklykdan girmek mümkinçiligini döretdi.
Çeşme: securitylab.ru
24 Iýun 2021