Çarşenbe, 09 Iýul 2025

VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Vmware kompaniýasy VMware Carbon Black App Control dolandyryş serweriniň, şeýle hem Windows ulgamy üçin niýetlenen VMware Tools gurallar toplumynyň, Windows üçin VMware Remote Console we VMware App Volumes önümlerinde gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.

Ulanyjylara VMware howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - VMSA-2021-0012, VMSA-2021-0013.

24 Iýun 2021

-
118