Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Vmware howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Vmware kompaniýasy Windows ulgamy üçin niýetlenen VMware Tools gurallar toplumynyň gowşaklygyny aýyrmak maksady bilen howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Windows üçin niýetlenen VMware Tools gurallar toplumy VM3DMP draýwerinde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirýän gowşaklygy (CVE-2021-21997) saklaýar. VMware kompaniýasy bu mesele üçin CVSSv3-görkezijisi boýunça 3.3 derejesini berdi.

Howpsuzlyk maslahatyna görä, bu gowşaklyk VMware Tools 11.3.0 wersiýasynda düzedildi.

Ulanyjylara Vmware howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmäni gurnamagy maslahat berilýär - VMSA-2021-0011.

22 Iýun 2021

-
118