Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fişing amala aşyrmak üçin Google Drive bilen Docs ulanylýar

Avanan kompaniýanyň habar bermegine görä, ýaramaz niýetli ulanyjylar howpsuzlyk çärelerini aýlanyp geçmek maksady bilen Google Drive we Docs hyzmatlarynyň funksiýalaryny ulanyp, ynandyryjy fişing elektron hatlaryny döretmegiň usulyny tapdylar.

Ulanyjylara elektron poçtanyň üsti bilen iberilýän hatlarda Google Docs sahypasyna geçmek üçin salgy görkezilýär. Ulanyjy bu salgy boýunça geçenden soňra Word resminamasyny görer. Avanan kompaniýanyň düşündirmegine görä, aslynda, bu Google Docs saýtyna meňzeýän HTML-sahypasy bolup durýar.

Ulanyjy resminamany ýükläp almak düwmesine basan ýagdaýynda, ulanyjynyň hasaba alyş maglumatlaryny ogurlamak üçin döredilen fişing web-saýtyna gönükdiriler.

Avanan bilermenleriň sözlerine görä, ýaramaz niýetli ulanyjylar bu usuly ulanmak arkaly salgylary barlaýan skanerleri aýlanyp geçip bilýärler.

Çeşme: securenews.ru

22 Iýun 2021

-
109