Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Mozilla howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Mozilla kompaniýasy buferiň çäginden daşary maglumatlary okamak mümkinçiligini berýän gowşaklygy (CVE-2021-29968) aýyrmak maksady bilen Firefox üçin howpsuzlyk täzelenmesini köpçülige çykardy. Bu ýalňyşlyk diňe Windows ulgamy üçin niýetlenen Firefox brauzerine täsir edýär. Gowşaklyk beýleki operasion ulgamlaryna täsir etmeýär. Howpsuzlyk gowşaklygy Firefox 89.0.1 wersiýasynda düzedildi.

Gowşaklyk we täzelenme barada goşmaça maglumaty Mozilla howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - Firefox 89.0.1.

22 Iýun 2021

-
96