Android üçin niýetlenen Google programmasy ulanyjylaryň maglumatlaryny ogurlamak mümkinçiligini berýärdi
Bäş milliarda golaý ulanyjylar tarapyndan ýüklenip alnan Android operasion ulgamy üçin niýetlenen Google programmasy ulanyjynyň enjamyndan şahsy maglumatlary ogurlamak mümkinçiligini berýän gowşaklygy saklaýardy.
Mesele barada Oversecured kompaniýanyň esaslandyryjysy Sergeý Toşin habar berdi. Hünärmeniň sözlerine görä, bu gowşaklyk Google programmasynyň üçünji tarap kody bilen nähili hereket edýändigi sebäpli ýüze çykdy.
Köp Android programmalary (şol sanda Google) ýüklemek we ulgamda işletmek üçin ululygyny ýörite kiçeldýärler. Bu maksat bilen programma üpjünçiligi enjamda öňden gurnalan kitaphanalara daýanýar.
Muňa garamazdan, Google programmasynyň kodunyň gowşaklygy zyýansyz kitaphananyň ýerine zyýanly programma üpjünçiliginiň kitaphanasyny goşmak mümkinçiligini berýärdi. Bu ýagdaýda ykjam enjamda gurnalan zyýanly programma üpjünçiligi Google programmanyň hukuklaryny gazanyp, ulanyjynyň maglumatlaryny alyp bilýärdi.
Mysal üçin, bu gowşaklygyň kömegi bilen zyýanly programma üpjünçiliginiň operatory Google-akkaunty ele geçirmek, gözleg taryhy, elektron poçta, tekst habarlary, kontaktlary, jaňlaryň taryhy, ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary almak, we hatda pidanyň mikrofonyny we kamerasyny ulanmak mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýärdi.
Toşinyň belläp geçmegine görä, bu zyýanly hereketi üstünlikli amala aşyrmak üçin ulanyjynyň enjamynda zyýanly programmany öňünden işletmeli. Mundan başga-da, zyýanly programma üpjünçiligi enjamdan aýyrmak bilen gowşak Google programmasynda gurnalan düzüm bölegi aýryp bolmaýar. Programma döredijileri häzirki wagtda bu gowşaklygy aýyrandyklary barada habar berýärler.
Çeşme: anti-malware.ru
21 Iýun 2021