Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ulanyjylara aşakda görkezilen Cisco howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
Cisco Email Security Appliance we Cisco Web Security Appliance önümlerinde sertifikatlary ýalňyş barlamak gowşaklygy - CVE-2021-1566
Cisco DNA Center tory dolandyrmak boýunça ulgamynda sertifikatlary doly däl görnüşde barlamak gowşaklygy - CVE-2021-1134
Cisco Small Business 220 tapgyrly akylly swiçleriň gowşaklyklary - CVE-2021-1541, CVE-2021-1542, CVE-2021-1543
Windows ulgamy üçin niýetlenen Cisco AnyConnect Secure Mobility Client önüminde VPN Posture (HostScan) moduli gurnalan ýagdaýynda DLL almak mümkinçiligini berýän gowşaklyk - CVE-2021-1567
Cisco Meeting Server önüminiň API düzüm böleginde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek gowşaklygy - CVE-2021-1524
Cisco Jabber programma üpjünçiliginiň gowşaklyklary - CVE-2021-1569, CVE-2021-1570
Cisco Unified Intelligence Centre hasabatlar üçin web-programmasynda saýtara skripting gowşaklygy - CVE-2021-1395
Windows ulgamy üçin niýetlenen Cisco AnyConnect Secure Mobility Client önüminde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek gowşaklygy - CVE-2021-1568
Cisco Jabber we Webex programma üpjünçiliginiň gowşaklygy - CVE-2021-1242.
18 Iýun 2021