Müňlerçe iOS we Android programmalary SSL-goragyny ulanmaýarlar
Symantec tarapyndan geçirilen gözlegiň dowamynda iOS programmalarynyň takmynan 7% we Android programmalarynyň 3,4% käbir backend-serwerleri bilen maglumat alyşmak üçin baglanyşyk guranlarynda SSL goragyny öçürýändikleri anyklandy. Şifrlenmedik kanallaryň ulanylmagy gizlin maglumatlary öz içine alyp bilýän maglumatlaryň howpsuzlygyna howp salýar.
Broadcom kompaniýanyň Symantec hünärmenleri 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli App Store we Google Play dükanlaryň ýüzlerçe müň programmalaryny öwrenip, käbir programma döredijileriň programmalaryna SSL-sertifikatynyň barlagyny, şeýle hem HTTPS-birikmeleri ulanmagy talap edýän Apple we Google ýörite goraglaryny öçürmek mümkinçiligi ýörite goşýandyklaryny ýüze çykardylar.
Symantec maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda App Store dükanynda takmynan 600,000 programmalar bolup, olaryň 45 müňden gowragy (7,6%) gözlegçiler tarapyndan howply diýip baha berildi. Häzirki wagtda Google Play dükanynda programmalaryň 2,4% SSL-goragy ulanmaýandyklary belläp bolýar.
Ulanylyş çygry boýunça howply programmalaryň arasyna oýun üçin programmalary birinji ýer aldylar. Pul geçirmek üçin ulanylýan programmalar has gizlin maglumatlary, ýagny şahsyýetnamalary we bank kartlary bilen işleýändiklerine garamazdan, howply programmalaryň arasynda ikinji orny aldylar.
Symantec bilermenleri howpsuz giriş nokatlaryň ulanylmagy maglumatlary tutup almak howpuny azaltmak üçin kömek eder diýip pikir edýärler.
Çeşme: anti-malware.ru
16 Iýun 2021