Audi we Volkswagen maglumatlaryň syzmagy 3,3 million müşderilere täsir etdi
Volkswagen Group of America (VWGoA) kompaniýasy 3,3 million müşderilere degişli maglumatlaryň syzmagy barada habar berdi.
Volkswagen Group of America (VWGoA) kompaniýasy Volkswagen toparynyň Demirgazyk Amerikada ýerleşýän şahamçasy bolup, ABŞ-da we Kanadada alnyp barylýan Volkswagen, Audi, Bentley, Bugatti, Lamborghini we VW Credit işlerine jogap berýär.
Habarlara görä, öndüriji 2019-njy ýylyň awgustyndan 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli internetde goragsyz maglumatlary galdyrdy. Şu ýylyň mart aýynyň 20-ne VWGoA kompaniýasyna ygtyýarsyz adamyň maglumatlara girip, Audi, Volkswagen müşderileri we käbir resmi satyjylary barada maglumatlary alan bolmagy mümkin diýip habar berildi.
VWGoA kompaniýasy bu wakanyň 3,3 million müşderilere täsir edendigi we olaryň 97%-den gowragynyň Audi müşderilerine we gyzyklanýan alyjylara degişlidigi barada habar berdi. Maglumatlar müşderä bagly bolup, habarlaşmak üçin maglumatlaryndan (ady we familiýasy, şahsy ýa-da iş poçta salgysy, elektron poçta salgysy ýa-da telefon belgisi) başlap, sosial ätiýaçlandyryş belgileri we kredit belgileri ýaly has gizlin maglumatlar girýär.
Gizlin maglumatlaryň 95%-den gowragy sürüjilik şahadatnamasynyň belgilerini hem öz içine alýarlar.
Çeşme: securitylab.ru
15 Iýun 2021