Windows 10 ulgamynyň goldawy 2025-nji ýylda tamamlanýar
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň, şol sanda Home, Pro, Pro Education we Pro for Workstations wersiýalarynyň goldawy bes edilýändigi barada mälim etdi. Bu wersiýalar üçin goldawyň soňky güni 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14-ne meýilleşdirilýär.
Microsoft täzelikde Windows 10 operasion ulgamynyň iň soňky wersiýasyny, ýagny 2021-nji ýylyň maý aýynyň Windows 10 täzelenmesini (21H1 wersiýasyny) çykardy, emma indiki hepde, iýun aýynyň 24-ne wirtual çärede «Windows-yň indiki neslini» görkezmegi meýilleşdirýär.
Çeşme: cnet.com
15 Iýun 2021