Google Chrome barlanmadyk giňeltmeler barada duýdurar
Google indiden beýläk ulanyjylaryň Chrome brauzerinde gurnaýan giňeltmelerini barlar. Olaryň arasyna şübheli görünýän programma döredijileriň giňeltmeleri bolan ýagdaýynda, internet brauzeri ulanyja bu barada habar berer.
Täze barlag ýörelgesi Enhanced Safe Browsing ady bilen birleşdirilen täze funksiýalaryň bir bölegi bolup durýar. Google bu hyzmaty geçen ýylyň maý aýynda hödürledi. Google Enhanced Safe Browsing hyzmatyň täze mümkinçiliklerini şeýle beýan edýär: “Enhanced Safe Browsing indi ulanyjylara resmi Chrome Web Store dükanynda ýerleşdirilen zyýanly ýa-da islenmeýän giňeltmelerden goşmaça gorag bilen üpjün edýär."
Çeşme: anti-malware.ru
08 Iýun 2021