Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft Windows 10 ulgamy iň soňky wersiýasyna awtomatik görnüşde täzelär

Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion ulgamyny maý aýynyň 18-ne çykan 21H1 wersiýasyna täzeläp başlady. Ulanyjylar paketleri haýal gurnaýandyklary sebäpli täzelenmäni awtomatik görnüşde gurnamak netijesine gelendikleri barada bellenýär.

Awtomatik görnüşde täzelemek prosesi iýun aýynyň 2-ne başlandy. Täzelenme prosesi ähli ulanyjylar üçin bir wagtda däl-de, ýuwaş-ýuwaşdan geçiriler. Kompaniýa Windows 10 ulgamynyň täze wersiýalaryny çykarmak we ýuwaşlyk bilen täzelenmäni üpjün etmek üçin ähli tapgyrlarda «maşyn okuwyna» esaslanýan tehnologiýasyny ulanmagy dowam etjekdigi barada habar berdi.

Çeşme: securitylab.ru

07 Iýun 2021

-
93