Apple ulanyjylara özleri hakda ýygnalýan maglumatlary barada habar berer
Apple kompaniýasy enjamlary üçin täzelenme çykaryp, bu täzelenme bilen ulanyjylara programmalaryň olar barada haýsy maglumatlary ýygnaýandyklaryny anyklamaga mümkinçilik berer. Bloomberg habaryna görä, bu täzelenme bilen geljekki WWDC 2021 konferensiýasynda tanyşdyrylar.
Täze gizlinlik aýratynlygy telefonda gurnalan keseki programmalar tarapyndan maglumatlaryň ýygnalmagyna we iberilmegine gözegçilik eder. Munuň üçin programma döredijileri ýörite dolandyryş panelini dörederler.
Kompaniýa bu täzelenmäni girizmek bilen ulanyjylaryň maglumatlaryny ýygnaýan programmalara garşy göreşmäge synanyşýar.
Çeşme: securitylab.ru
07 Iýun 2021