Android üçin Kasperskiý antiwirusy ýaly görünýän bank troýanlary ýaýraýarlar
Maglumat howpsuzlygy boýunça Bitdefender kompaniýasynyň hünärmenleri meşhur kompaniýalaryň giňden ýaýran Android programmalary ýaly görünýän zyýanly programma üpjünçiligini ýaýraýandygy barada duýdurdylar. Galp VLC player, Kasperskiý antiwirusy, şeýle hem galp FedEx we DHL programmalary pidalaryň enjamlaryna Teabot ýa-da Flubot bank troýanlary gurnaýarlar, bu troýanlar ilkinji sapar şu ýylyň başynda ýüze çykaryldy.
Teabot troýanda Google hasap ýazgylaryna awtorizasiýa üçin niýetlenen barlag kodlary tutup almak, ulanyjynyň klawiaturasy arkaly girizilýän maglumatlary ýazyp almak, resmi saýtlaryň ýüzünde galp ekranlary görkezmek we käbir ýagdaýlarda bütin enjamy dolandyrmak ýaly mümkinçilikleri bar. Flubot troýany hem pidalaryň bank maglumatlaryny, tekst habarlaryny we beýleki şahsy maglumatlary ogurlamak ýaly funksiýalary saklaýar. Zyýanly programma üpjünçiligi gurçuk programmanyň aýratynlyklaryny hem saklaýar, ýagny SMS arkaly awtomatiki görnüşde ýaýrap bilýär.
Gözlegçiler tarapyndan ýüze çykarylan galp programmalar Google Play dükanynda ýok, olar diňe başga dükanlaryň üsti bilen ýaýraýarlar.
Çeşme: securitylab.ru
03 Iýun 2021