BazarLoader zyýanly programma üpjünçiligi galp hyzmatyň üsti bilen ýaýraýar
Proofpoint kompaniýanyň kiberhowpsuzlyk boýunça gözlegçileri BazarLoader operatorlary tarapyndan amala aşyrylýan täze görnüşli fişing hereketi ýüze çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjylar howpy kesgitlemek boýunça awtomatik ulgamlary aýlanyp geçip, BazarLoader zyýanly programma üpjünçiligi bilen ulgamlary zäherleýärler.
Bu zyýanly hereket BazaFlix diýip atlandyryldy, onuň çäginde ýaramaz niýetli ulanyjylar akym hyzmatlarynyň adyndan elektron hatlary paýlaýarlar. Elektron hatlarda abuna ýazylmak boýunça test ýa-da demo wersiýanyň möhleti gutarandygy we ulanyjynyň töleg kartasyndan premium meýilnamasy üçin töleg alynjakdygy barada aýdylýar.
Elektron hatlarda telefon belgi görkezilen we bu belgi boýunça haty alan ulanyjylar jaň edip, abunany ýatyryp bilýändikleri barada habar berilýär. Jaň edilende ýaramaz niýetli ulanyjylar UrbanCinema kompaniýasy tarapyndan hödürlenýän BravoMovies atly akym hyzmatynyň web-saýtyna geçmek teklip berýärler. Bu saýt dürli açyk çeşmelerden alnan filmleriň suratlaryny ulanýandygy sebäpli hakyky saýt ýaly görünýär.
BravosMovies atly akym hyzmatlaryna abuna bolmaklygy ýatyrmak boýunça görkezmeleri berjaý etmek bilen ulanyjylar BazarLoader atly zyýanly programma üpjünçiligini gurnamak üçin niýetlenen makroslary özünde saklaýan Microsoft Excel resminamasyny ýükläp alýarlar. Ulgam zäherlenenden soňra, BazarLoader operatorlary dürli düzgün bozujylar üçin ulgama girmek mümkinçiligi berip bilýärler.
Çeşme: securitylab.ru
31 Maý 2021