VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
VMware kompaniýasy ähli vCenter Server gurnamalaryna täsir edýän uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygyny (CVE-2021-21985) aýyrýan howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp bilýär. VMware kompaniýasy bu mesele üçin CVSSv3-görkezijisi boýunça 9.8 derejesini berdi.
Şeýle hem, VMware kompaniýasy vCenter Server plaginlerinde orta derejede howply autentifikasiýa mehanizminiň meselesini düzetdi, bu gowşaklyk üçin CVE-2021-21986 identifikatory berildi.
Ulanyjylara Vmware howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmäni we wagtlaýyn çözgüdi ulanmak maslahat berilýär - VMSA-2021-0010.
27 Maý 2021