VLC Media Player programmasynyň birnäçe gowşaklyklary düzedildi
VideoLAN taslamasynyň gatnaşyjylary zyýanly kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklary aýyrýan we programmanyň işleýşini düzedýän VLC media pleýeriň täze gurnamasyny köpçülige çykardylar. Täze goşulan aýratynlyklaryň arasynda Apple Silicon goldawy goşulandygy barada bellemek gerek. Apple Silicon — bu ARM-64 arhitekturasy bilen işleýän mikroprosessorlary bolup, häzirki wagtda Apple kompaniýasy macOS ulanyjylaryny bu prosessorlara geçirip başlady.
VLC Media Player gowşaklyklaryň köpüsi NSFocus kompaniýanyň bilermeni Çžen Çžou (Zhen Zhou) tarapyndan ýüze çykaryldy. VideoLAN howpsuzlyk maslahatyna görä, bu meseleler buferiň aşa dolmagy we ýalňyş görkeziji boýunça ýüz tutmak gowşaklyklaryna degişli bolup durýarlar.
Gowşaklyklaryň ulanylmagy ähli ýagdaýlarda VLC programmasynyň işi togtadylmagyna getirmegi mümkin, emma programma döredijileri bu gowşaklyklaryň bilelikde ulanylmagy uzaklykdan ulanyjylaryň maglumatlaryny almak we hatda häzirki ulanyjynyň hukuklary bilen kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berer diýip hasaplaýarlar.
VideoLAN guramasynyň topary ýokarda agzalan gowşaklyklaryň ulanylandygy barada maglumat tapmady. Düzedişler VLC 3.0.12 täzelenmäniň düzümine goşuldylar, ulanyjylara täze wersiýany gurnamak maslahat berilýär.
Çeşme: anti-malware.ru
22 Ýanwar 2021