Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Bluetooth gowşaklyklary başga enjamy görkezmek mümkinçiligini berýärler

Bilermenler Bluetooth Core we Mesh Profile spesifikasiýalarynyň gowşaklyklary barada habar berdiler. Bu gowşaklyklar enjamlaryň arasynda baglanyşyk gurlanda ýaramaz niýetli ulanyjy üçin hakyky enjam hökmünde görkezmek, şeýle hem man-in-the-middle  kiberhadysasyny (simsiz toruň hereket ediş çäginde) amala aşyrmak mümkinçiligini berýärler.

Bluetooth Special Interest Group (Bluetooth SIG) guramasynyň hünärmenleri ýüze çykarylan ýedi sany gowşaklyklaryň hemmesi barada giňişleýin maglumaty, şeýle hem olary aýyrmak boýunça maslahatlary neşir etdiler - bluetooth.com.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, bu meseleleriň birnäçesi Android Open Source Project (AOSP), Cisco, Intel, Red Hat, Microchip Technology we Cradlepoint önümlerine täsir edýärler.

AOSP döredijileri eýýäm Android enjamlaryna täsir edýän CVE-2020-26555 we CVE-2020-26558 gowşaklyklary düzetmegiň üstünde işleýändikleri barada habar berildi. Düzedişler geljekki Android howpsuzlyk täzelenmeleriň düzümine goşulmaly.

Şeýle hem, Cisco önümlerine täsir edýän CVE-2020-26555 we CVE-2020-26558 meseleleri aýyrmak boýunça işläp başlady.

Çeşme: xakep.ru

26 Maý 2021

-
133