Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Cisco Prime Infrastructure tor enjamlaryna gözegçilik etmek we dolandyrmak boýunça ulgamyň hem-de Evolved Programmable Network (EPN) Manager tor hyzmatlary dolandyrmak boýunça programma üpjünçiliginiň web-dolandyryş interfeýsinde howply gowşaklyk düzedildi, bu gowşaklyk autentifikasiýa barlagyndan geçen ýaramaz niýetli ulanyjy üçin gowşak ulgamda uzaklykdan islendik buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýär – CVE-2021-1487.

Ýene bir howply gowşaklyk Cisco Modeling Labs önüminiň web-interfeýsinde düzedildi, bu gowşaklyk autentifikasiýa barlagyndan geçen ýaramaz niýetli ulanyjy üçin gowşak Cisco Modeling Labs serweriniň esasy dolandyryş ulgamynda web-programmanyň hukuklary bilen islendik buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berip bilýär – CVE-2021-1531.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Cisco howpsuzlyk maslahatlary sahypasynda görüp bilersiňiz– cisco.com.

21 Maý 2021

-
81