Maý aýynyň Android howpsuzlyk täzelenmeleri 4 sany 0-day gowşaklyklary düzedýärler
Google Project Zero toparynyň maglumatyna görä, şu aýyň başynda düzedilen dört sany Android howpsuzlyk gowşaklyklary kiberhadysalarda ulanylýardylar.
Şu aýyň Android howpsuzlyk täzelenmeleri köpçülige çykarylmagyndan soňra berlen maglumatlara görä, bu gowşaklyklaryň belli bir maksada gönükdirilip, ulanylmagy ulanyjylaryň çäklendirilen mukdaryna täsir etdi.
"CVE-2021-1905, CVE-2021-1906, CVE-2021-28663 we CVE-2021-28664 belgili gowşaklyklar çäklendirilen görnüşde belli bir maksada gönükdirilip, ulanylmagyň alamatlary bar" - diýip 2021-nji ýylyň maý aýynyň Android howpsuzlyk maslahatynyň täzelenen görnüşinde aýdylýar. Android ulgamynyň dört sany gowşaklyklary Qualcomm grafiki prosessorlaryň we Arm Mali GPU draýwerleriň düzüm böleklerine täsir edýärler.
Şu aýyň Android howpsuzlyk täzelenmeler toplumy System düzüm böleginiň örän howply gowşaklyklary (CVE-2021-0473, CVE-2021-0474, CVE-2021-0475) üçin düzedişleri hem öz içine alýar, bu gowşaklyklaryň ýörite döredilen faýllaryň kömegi bilen ulanylmagy aýratyn hukukly prosesiň çäginde erkin zyýanly kod ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýär.
Çeşme: bleepingcomputer.com
20 Maý 2021