Windows 10 ulgamyň 1909, 1809 we 1803 wersiýalarynyň goldawy bes edildi
Microsoft kompaniýasy maý aýynyň 11-ne Windows 10 operasion ulgamynyň 1909, 1809 we 1803 wersiýalarynyň resmi goldawyny bes etdi. Operasion ulgamynyň bu wersiýalary mundan beýläk howpsuzlyk täzelenmeleri bilen üpjün edilmez.
Microsoft kompaniýasy Windows 10 (1909) Home we Pro wersiýalaryny goldamagy bes etdi, emma Windows 10 (1909) Enterprise we Education bilen işleýän ulgamlar ýene bir ýyl täzelenmeleri almagy dowam ederler. Windows 10 1803 wersiýasy täzelenmeleri almagy düýbünden bes eder, Windows 10 1809 wersiýasy bolsa diňe korporatiw müşderiler üçin niýetlenen uzak möhletleýin hyzmatyň (Long-Term Servicing Channel, LTSC) çäginde täzelenmeleri almagy dowam eder.
Microsoft operasion ulgamynyň könelişen wersiýalary bilen işleýän ulanyjylara Windows 10 (20H2) ýa-da Windows 10 (2004) wersiýalaryna geçmegi maslahat berýär.
Çeşme: securitylab.ru
14 Maý 2021