Adobe birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Adobe «Sişenbe düzedişleriň» çäginde on iki dürli önümleriniň 43 sany gowşaklyklaryny, şol sanda Adobe Reader programmasynyň işjeň ulanylýan gowşaklygyny aýyrýan howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Adobe kompaniýasy Adobe Acrobat Reader programmanyň CVE-2021-28550 identifikatory bilen bellenen gowşaklygy Windows operasion ulgamy bilen işleýän ulanyjylara garşy ulanylandygy barada duýdurýar.
CVE-2021-28550 - bu uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy bolup, ýaramaz niýetli ulanyjylar üçin Windows ulgamynda islendik buýrugy ýerine ýetirmek, şol sanda zyýanly programma üpjünçiligi gurnamak we kompýuteri dolandyrmak mümkinçilikleri berip bilýär.
Adobe önümleriniň howpsuzlyk täzelenmeleriniň doly sanawy aşakda görkezilen:
Çeşme: bleepingcomputer.com
12 Maý 2021