Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Citrix kompaniýasy Windows ulgamy üçin niýetlenen Workspace programmasynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Citrix kompaniýasy Windows ulgamy üçin niýetlenen Citrix Workspace programmasynyň gowşaklygyny (CVE-2021-22907) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy. Ýüze çykarylan gowşaklyk Windows ulgamy üçin Citrix Workspace programmasy bilen işleýän kompýuterde lokal ulanyja hukuklaryny ulgam derejesine çenli artdyrmak mümkinçiligini berýär.

Ulanyjylara Citrix howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - citrix.com.

12 Maý 2021

-
98