Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär. Microsoft jemi 55 sany gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 4 sany gowşaklyga örän howply we 50 sany gowşaklyga howply we birine orta derejede howply diýip baha berildi. Şeýle hem, Microsoft 2021-nji ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde üç sany 0-day gowşaklyklary düzetdi:

CVE-2021-31204 - .NET we Visual Studio önümlerinde hukuklary artdyrmak gowşaklygy;

CVE-2021-31207 - Microsoft Exchange Server önüminde gorag çäreleri aýlanyp geçmek gowşaklygy;

CVE-2021-31200 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

12 Maý 2021

-
80