Juniper Networks howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy
Juniper Networks kompaniýasy tor önümleri, şol sanda routerleri, swiçleri, tory dolandyrmak boýunça programma üpjünçiligi, toruň howpsuzlygyny üpjün edýän önümleri, tor tehnologiýalary işläp düzýär we hödürleýär. Juniper Networks dürli önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz aralaşýan ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Juniper Networks howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - juniper.net.
12 Maý 2021