Google kompaniýasy Chrome brauzeriň täze wersiýasyny çykardy
Google kompaniýasy Chrome 88 wersiýasyny çykarmak bilen brauzeriň howpsuzlygyny berkitdi, şol sanda howpsuzlyk gowşaklyklaryny düzetdi we Adobe Flash programma üpjünçiliginiň goldawyny aýyrdy.
Şeýle hem, Chrome 88 brauzeri açar sözleri üçin kämilleşdirilen goragy bilen üpjün edildi, şol sanda ulanyjylara gowşak açar sözlerini tapmak mümkinçiligi goşuldy.
Brauzeriň täze wersiýasy 36 sany gowşaklyklary düzedýär, olaryň arasynda biri (CVE-2021-21117) örän howply diýip kesgitlenildi.
Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgylarda görüp bilersiňiz:
• https://chromereleases.googleblog.com/2021/01/stable-channel-update-for-desktop_19.html
• https://security.googleblog.com/2021/01/new-year-new-password-protections-in.html
Çeşme: securityweek.com
21 Ýanwar 2021