Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 108 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary üýtgetmek, saýtara skripting amala aşyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, spufing etmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 154.0.8037.57 (Linux), 154.0.8037.57/.58 (Mac, Windows) wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
24 Sentýabr 2026