Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Cisco kompaniýasy Cisco Integrated Management Controller (IMC), Cisco Secure Firewall Adaptive Security Appliance (ASA) Software, Cisco Secure Firewall Threat Defense (FTD), Cisco BroadWorks CommPilot Application Software, Cisco Identity Services Engine (ISE), Cisco ISE Passive Identity Connector, Cisco ThousandEyes Virtual Appliance, Cisco Secure Firewall Management Center (FMC), Cisco Nexus Dashboard, Cisco IOS XR Software Cisco Secure Email Gateway, Cisco Secure Email we Web Manager önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri çykardy.Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, hukuklary artdyrmak, saýtara skripting amala aşyrmak we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Cisco kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklyk (CVE-2026-76461) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com
18 Sentýabr 2026