Çarşenbe, 07 Oktýabr 2026

Gitlab howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Gitlab platformasynyň birnäçe gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek», uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, saýtara skripting amala aşyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek we howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. GitLab döredijileri Community Edition (CE) we Enterprise Edition (EE) üçin 19.3.2, 19.2.6, 19.1.8 wersiýalaryny çykardylar.

Gitlab kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2026-85706) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty GitLab howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – gitlab.com.

15 Sentýabr 2026

-
41