Windows ulgamlaryna zyýan ýetirýän Moriya atly täze rutkit ýüze çykaryldy
Bilermenler Windows ulgamlaryna zyýan ýetirýän täze rutkit ýüze çykardylar. Olar zyýanly hereketi TunnelSnake diýip atlandyrdylar we bu hereket 2018-nji ýyldan bäri dowam edýändigini çaklaýarlar.
Kasperskiý laboratoriýasynyň hünärmenleri täze rutkit üçin Moriya adyny berdiler. Zyýanly programma üpjünçiligi bekdor (backdoor) hökmünde ulanyjylary yzarlamak mümkinçiligini berýär, şeýle hem antiwirus programmalardan aýlanyp geçýär.
Moriya atly zyýanly programma üpjünçiligi Windows ýadrosynyň salgy gurşawyna girip, gelýän trafigi tutup almak we seljermek mümkinçiligini berýär. Mundan başga-da, rutkit zäherlenen enjama buýruklary ibermäge mümkinçilik berýär. Bekdor görkezmeleri ýörite döredilen paketler görnüşinde alýar, bu paketler pidanyň tor trafiginde gizlenýärler.
Çeşme: anti-malware.ru
07 Maý 2021