Qualcomm gowşaklygy Android smartfonlarynyň takmynan 40%-ne howp salýar
Qualcomm Mobile Station Modem (MSM) howply gowşaklygy Android ulgamynda işleýän ykjam enjamlaryň 40% - ne howp salýar. Bu gowşaklygyň ulanylmagy ulanyjylaryň tekst habarlaryny okamak, jaňlaryň taryhyny görmek we hatda smartfon eýeleriniň gürrüňlerini diňlemek mümkinçilikleri berýär.
Qualcomm MSM - bu çip esasynda ulgam bolup, häzirki wagtda bazarda satylýan smartfonlaryň takmynan 40% - de ulanylýar. Qualcomm MSM çipleri 2G, 3G, 4G we 5G standartlaryny goldaýarlar.
Gowşak ykjam enjamlaryň arasyna Samsung, Google, LG, OnePlus we Xiaomi ýaly öndürijileriň enjamlary girýärler. Bu gowşaklyk üçin CVE-2020-11292 identifikatory berildi. Şeýle hem, gowşaklyk abonentiň SIM-kartasynda saklanýan maglumatlary almak mümkinçiligini berýär.
Çeşme: anti-malware.ru
07 Maý 2021