Sişenbe, 01 Sentýabr 2026

OpenSSL howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

OpenSSL döredijileri 9 sany howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2026-18798, CVE-2026-63072, CVE-2026-63076, CVE-2026-14457, CVE-2026-54874, CVE-2026-63073, CVE-2026-63074, CVE-2026-63075, CVE-2026-75803) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklyklary nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny gazanmak üçin ulanyp bilýär.

Gowşaklyklar OpenSSL 4.0.2, 3.6.4, 3.5.8, 3.4.7, 3.0.22, 1.1.1zi we 1.0.2zr wersiýalarynda düzedildi.

Ulanyjylara OpenSSL täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - openssl-library.org.

01 Sentýabr 2026

-
6