Anna, 28 Awgust 2026

Cisco howpsuzlyk gowşaklyklary barada habar berdi

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahaty çykarmak bilen Cisco Unified Intelligence Center, Cisco Industrial Ethernet 1000 Series Switches, Cisco RoomOS, Cisco Packaged Contact Center Enterprise, Cisco Unified Contact Center Enterprise, Cisco BroadWorks, Cisco Secure Workload, Cisco Crosswork platformalarynyň önümlerine täsir edýän howply howpsuzlyk gowşaklyklary barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda hukuklary artdyrmak, erkin kody ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, saýtara skripting amala aşyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatynda ulanyjylar üçin neşir edilen maslahatlary ýerine ýetirmäge çagyrýar.

Giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

27 Awgust 2026

-
30