Duşenbe, 17 Awgust 2026

Cisco howpsuzlyk gowşaklyklary barada habar berdi

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatlary çykarmak bilen Cisco Secure Firewall Adaptive Security Appliance, Secure Firewall Threat Defense Software, Cisco Catalyst SD-WAN Manager, Cisco Secure Firewall Management Center (FMC) Software we ClamAV önümlerine täsir edýän howply howpsuzlyk gowşaklyklary barada habar berdi. Gowşaklyklaryň ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin nyşana alnan ulgamda gizlin maglumatlary aýan etmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirýär.

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatynda ulanyjylar üçin neşir edilen maslahatlary ýerine ýetirmäge çagyrýar.

Giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

17 Awgust 2026

-
27