Anna, 14 Awgust 2026

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 176 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 11 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 110 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 86 – gizlin maglumatlary aýan etmek, 12 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 21 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2026-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 3 sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişlerini öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2026-68820 - Windows Ancillary Function Driver for WinSock draýweryň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
  • CVE-2026-62832 - Windows User Profile Service hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
  • CVE-2026-72971 - Windows Container Isolation FS Filter Driver (unionfs.sys) draýweryň maglumatlary üýtgetmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

14 Awgust 2026

-
13